- maksat
- Bir işi amala aşyrmaklyga bolan meýil, niýet, matlap, maksat-myrat, arzuw.∙ Sowet Döwlet býujeti hem gös-göni şu maksatlara gönükdürilen parahatçylyk hem döredijilik býujetidir. («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Amyderýany Murgaba tapyşdyrmak maksady bilen joşýarlar. («Mydam Taýýar» gazeti)∙ Adam özüniň işine konkret maksatlar goýýar. (S. N. Winogradow, A. F. Kuzmin, Logika)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, t sesi d sesine öwrülýär.Meselem maksat - maksady.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.